Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalaryň döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, «Toyotanyň» ajaýyp baýraklaryny almaga howlugyň!

20:1514.10.2023
0
68190

«Garagum Ulag» hojalyk jemgyýeti — «Toyota» ýapon kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri 15 ýaşa çenli çagalary 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda badalga alan «Arzuwymdaky awtoulag» atly surat çekmek döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Bäsleşigiň şertleri — gatnaşyjy çaga arzuwynda göz öňüne getirýän ulagyny, ýagny onuň adam üçin amatly funksiýasy bolan geljegiň ulagyny nähili görýändigini şekillendirmeli. Surat dolulygyna, hatda fonuna çenli reňklenen bolmalydyr. Listiň ölçegi: A3 (mümkin boldugyndan) ýa-da A4 ölçegde bolmaly. Surat çekmek üçin galam, dürli görnüşli reňk, marker, flomaster hem-de meljagazlar ulanylyp bilner.

Döredijilik gözden geçirilişi iki tapgyrda geçirilýär. Işler 2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilip başlandy we 15-nji noýabrynda hem tamamlanýar.

Suratlar aýratyn kesgitlenen ýaş aýratynlyklarynda kabul edilýär. Birinji topara 7 ýaşa çenli, ikinji topara 8 — 11 ýaşly, üçünji topara bolsa 12 — 15 ýaş aralygyndaky çagalar degişlidir. Degişlilikde, her toparda bäsleşigiň ýeňijisi yglan ediler.

Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener, şonda-da bäsleşigiň üç topary ýaş derejesi boýunça ýeňijileriň atlary mälim ediler hem-de olar «Toyota» kompaniýasynyň gymmat bahaly sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy guralar. Her ýaş topary boýunça birinji orny eýelän çagalara — «Apple» kompaniýasynyň planşeti sowgat berler.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň çeken suratlary bäsleşigiň halkara tapgyryna hödürlemek üçin Ýaponiýa ugradylar.

Işler «Toyotanyň» resmi dileriniň merkezinde, şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 7/A jaýy (Aýtakow köçesi, 11-nji kiçi etrapça). Telefon belgisi: (+993 12) 43 70 57.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň