Turkmenportal logo
13.10.23
4041340413
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA-nyň Bişkekdäki sammiti: gepleşikler dar formatda öz işine başlandy
GDA-nyň Bişkekdäki sammiti: gepleşikler dar formatda öz işine başlandy

Habar berşimiz ýaly, şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.


«Akipress» gyrgyz elektron neşiriniň berýän habaryna görä, häzirki pursatlarda döwlet Baştutanlarynyň dar formatdaky gepleşikleri geçirilýär. Bellenilişi ýaly, soňra gepleşikler giňeldilen görnüşde öz işini dowam eder. Gepleşikleriň dowamynda söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda arkalaşygyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilen möhüm meseleler boýunça pikir alşylar. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.