Turkmenportal logo
13.10.23
1882318823
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Kamerundan üstün çykdy
Russiýanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Kamerundan üstün çykdy

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Kamerunyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Moskwa şäherindäki «Dinamo» stadionynda geçirilen duşuşyk rus futbolçylarynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Bu barada TASS habar berýär.


Duşuşykdaky ýeke-täk goly 40-njy minutda hüjümçi Fýodor Çalow geçirdi. Şeýlelikde, SSKA-nyň hüjümçisi milli ýygyndyda geçiren altynjy duşuşygynda ilkinji gezek tapawutlandy.


Russiýa indiki ýoldaşlyk duşuşygyny Türkiýede Keniýanyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyga Türkmenistanyň çäginde «Matç TW» teleýaýlymy arkaly tomaşa edip bolar.