Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikler geçiriler

01:3813.10.2023
0
30872

Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany resminama türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem «Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň