Türkmenistan 11-nji oktýabrda bolan ýer titremesinden ejir çekýän Owganystana dermanlardan we medisina enjamlaryndan, azyk we dokma önümlerinden ybarat ynsanperwer ýükleri iberdi diýip, Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Ýük 7-nji oktýabrda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen tebigy betbagtçylygyň pidalary üçin niýetlenendir.
Ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kömegi bilen iberildi.
Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, Türkmenistanyň doganlyk ýurduň halkyna berýän kömegi çuňňur hormatyň we ynsanperwerligiň ýokary ýörelgeleriniň subutnamasy boldy.