Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

15:2111.10.2023
0
47028

11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen W.N.Tatişew adyndaky Astrahan Döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Bu Ähtnama gol çekilmegi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşar» diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäginde geljekde okuw seminarlaryny guramak, ylmy-amaly maslahatlary we barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler. Bu Resminama gol çekilmegi iki dostlukly ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirer.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň