Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

15:1011.10.2023
0
37167

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi hem-de onuň ýeňijileri yglan edildi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde geçirildi.

Bäsleşik şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilipdi.

Bäsleşige türkmenistanly ýaşlar bilen bir hatarda Azerbaýjan, Belarus, Wýetnam, Gruziýa, Gazagystan, Hytaý, Malaýziýa, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly döwletlerden ýaş alymlar, oýlap tapyjylar hem-de hünärmenler öz ylmy işlerini we taslamalaryny hödürlediler.

Bäsleşigiň netijelerine görä 45 sany ýeňiji yglan edildi. Orunlar aşakdaky görnüşde paýlanyldy:

  • III orun – 22 adam;
  • II orun – 14 adam;
  • I orun – 9 adam.

Bäsleşikde şu aşakdaky ýaş oýlap tapyjylar birinji orny eýelemegi başardylar:

Söwer Serdarow — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Kou Ýuýsýuan — Sian uniwersitetiniň Geljegiň tehnologiýalary mekdebiniň aspiranty.

Gülnar Öwezdurdyýewa — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby.

Halmyrat Orunbaýew — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Nanotehnologiýalar laboratoriýasynyň direktory.

Suhrob Ýusupow — Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa institutynyň 2-nji ýyl doktoranty.

Jennet Ataýewa — Magtymguly adyndaky TDU-nyň Organiki himiýa kafedrasynyň mugallymy.

Parwinaý Olimboýzoda — Täjigistanyň Tehnologiýalar uniwersitetiniň Ylym we gollanmalar kafedrasynyň doktoranty, tehniki ylymlaryň kandidaty.

Aýjahan Welýanowa — S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

Batyr Hançaýew — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilermeni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň