Turkmenportal logo
10.10.23
3369933699
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Astana şäherinde Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow bilen Gazagystanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýermuhambet Konuspaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.


«Duşuşygyň netijesinde taraplar özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary barada maglumat alyşmak üçin işjeň gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar» diýlip, habarda bellenilýär.


Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda dürli derejedäki wekiliýetleriň ýakyn wagtda boljak saparlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.