Turkmenportal logo
09.10.23
1597115971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti "Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda" Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti "Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda" Karara gol çekdi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serd­­ar Berdimuhamedow sanly ul­gam ark­aly iş maslah­atyny ge­çirdi.


Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutany ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, "Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda" Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.


Prezident Serd­­ar Berdimuhamedow bu Kararda bellenen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurtda geçirilýän özgertmelere goşýan goşandyny has-da artdyrjakdygyny belledi.


Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem munuň ýurduň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna uly itergi berjekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi.


"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak hakynda” 2023-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 473-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň gol çeken bu resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň


Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, doly taýýar edip gurmak şertinde ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we binalary hem-de desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.