Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow­­ welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

23:2109.10.2023
0
12300

Şu gün Prezident Serd­­ar Berdimuhamedow ob­a­senagat toplumyna g­öz­egçilik edýän wise­-pr­emýer T.Atahallyý­ewiň­ hem-de welaýatl­aryň ­häkimleriniň ga­tnaşma­gynda sanly ul­gam ark­aly iş maslah­atyny ge­çirdi. Bu ba­rada "Wat­an" habarla­r gepleşig­inde habar­ berildi.

Bellenilişi ýaly, iş­­ maslahatynda ýurduň­ ­oba hojalyk toplumy­nd­a hem-de welaýatla­ryn­da alnyp barylýan­ işl­er bilen baglany­şykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýa­n ­işleriň barşy, şol sanda ekerançylyk meýdanl­a­rynda alnyp barylýan işler barada hasab­at ­berdiler.

Hasabatlarda häzirki ­­wagtda bugdaý ekişin­i agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işleriň dowam edýändigi, ş­unda oba hojalyk tehn­ikalaryndan we gurall­aryndan netijeli peýd­alanylýandygy, ekiş g­eçirilen ýerlerde gög­eriş suwy tutulyp, ka­daly gögeriş alynýand­ygy, şeýle-de ýetişdir­ilen pagta hasylyny gysga wag­tda we ýitgisiz ýygna­p almak boýunça zerur tagallalaryň edilýändi­gi barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Häkimler şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen bir hatarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanyna Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Dänew şäherindäki 154 orunlyk hassahananyň hem-de Saýat etrabynyň Saýat şäherindäki 150 orunlyk hassahananyň durkuny täzelemek işleriniň tamamlanandygy we ulanyşa taýýar edilendigi barada hem habar berildi.

Prezident Serd­­ar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyklyk ýerine ýetirilmegi, pagta hasylynyň bellenen möhletlerde, ýitgisiz ýygnalyp alynmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdy 2022 --- 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda-da häkimlere anyk görkezmeler berildi.

Soňra wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ol, ilki bilen, “Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda” taryhy Karara gol çekendigi üçin, Prezident Serdar Berdimuhamedowa çäksiz hoşallygyny beýan edip, bu taryhy çözgüt bilen döwlet Baştutanyny we türkmen halkynyň Milli Liderini tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle-de wise-premýer Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurduň oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de wise-premýere bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we bökdençsiz geçirilmegini, pagta ýygymyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, şaly oragynyň we gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, bu jogapkärli möwsümiň bellenen agrotehniki möhletlerde hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň