9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny we türkmen halkyna abadançylyk hem-de gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi.
Alekseý Owerçuk, döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy heläkçilikden ejir çekenlere Türkmenistanyň beren ynsanperwer ýardamy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de iki ýurduň döwletara hyzmatdaşlygynyň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan netijeli häsiýete eýedigini nygtady.
Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň iki ýurduň Hökümetleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklary berkitmäge, netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşykda iki ýurduň hem geljekde-de netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem türkmen tarapynyň özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça russiýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.