Top.Mail.Ru

Aşgabatda koreý ýazuwyna bagyşlanan çäre geçirildi

13:5309.10.2023
0
22762

Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky Koreý dilini öwredýän okuw merkezinde 7-nji oktýabrda Koreýanyň elipbiýiniň döredilen gününe bagyşlanyp çäre geçirildi.

Koreý dilinde geçirilen kalligrafiýa bäsleşiginde dürli ýaşdaky we koreý dilini bilýän 50 töweregi okuwçy bäsleşdi.

Çäräniň netijelerine esaslanyp, gatnaşyjylar tarapyndan ýerine ýetirilen Hangul tehnikasynda iň oňat eserler saýlandy.

Ýeňjiler Koreýadan gelen ýörite sowgatlar bilen sylaglandy. Bu çäre Türkmenistanda koreý dilini we medeniýetini wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky Koreý dilini öwredýän okuw merkeziniň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda açylandygyny ýatladýarys.

Patyşa Sejong adyndaky okuw merkezleri dünýäniň 60 döwletiniň 180 künjeginde işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň