Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Täjigistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

14:0806.10.2023
0
30436

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Täjigistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar ulag we aragatnaşyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, ýük daşamalary we iki ýurduň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň 14-15-nji sentýabr günlerinde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilip, onuň çäklerinde Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky Ylalaşyga gol çekilipdi. Bu resminama türkmen we täjik taraplarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek, täze halkara, şol sanda multimodal geçelgeleri emele getirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, gury ýer ulaglary bilen ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek ýaly maksatlary özünde jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň