Turkmenportal logo
04.10.23
2762727627
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alşyldy
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.


Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamyndaky iki ýurduň ýakyn arabaglanyşygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde bilelikdäki çäreleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.