Keniýaly telekeçiler gaýtadan işlenen plastikden ýangyç öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar diýip, «Habar 24» ýazýar. Olar şeýle etmek bilen, howa taşlanýan zyýanly galyndylary azaldýarlar. Çig mal ýerli kärhanalardan lomaý satyn alynýar ýa-da şäher zibilhanalaryndan ýygnalýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, häzirki gün plastik galyndylaryň dünýä önümçiligi her ýyl 400 million tonna ýetýär.

