Täjigistanda milli telewideniýäniň döredilen gününi belleýärler, ýerli telegepleşikler 64 ýyl mundan öň ýaýlyma çykdy diýip, «MIR 24» habar berýär.
1959-njy ýylda ilkinji ýaýlym wagty üç minut dowam edýän täjik we rus dillerinde täzelikler halka ýetirilipdi, şol döwür telestudiýada 54 adam işleýärdi, häzir olar 300-den geçýär.
Täjik telewideniýesi bu gün rus, iňlis, arap we özbek dillerinde-de ýaýlyma goýberilýär. Täze medeni-göwün açyş gepleşikleri döredildi. Soňky ýyllarda täjik telewideniýesi ýokary hilli sanly alnyp görkezilişe geçdi. Beýleki respublikan ýaýlymlary hem işleýär.
«Telewideniýe tapgyrlaýyn ösdi. Eger 90-njy ýyllarda esasy maksat ýurtda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bolan bolsa, häzir Täjigistanda ýaşlarda, halkda watançylyk duýgusyny ösdürmeklige uly üns berilýär» diýip, «Täjigistanyň telewideniýesi» habarlar gepleşikleriniň rus dilindäki bölüminiň müdiri Karim Haýdar gürrüň berýär.
