Turkmenportal logo
04.10.23
2432324323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň nebit önümleri Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bazaryna eksport ediler
Türkmenistanyň nebit önümleri Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bazaryna eksport ediler

Gazagystan Türkmenistany Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (bu gurama Ermenistany, Belarusy, Gazagystany, Gyrgyzystany we Russiýany öz içine alýar) bazary üçin nebit önümleriniň importynyň goşmaça çeşmesi hasaplaýar. Bu barada Gazagystanyň energetika ministri Almasad Satkalyýew XV Ýewraziýa ykdysady forumynyň çäginde žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde mälim etdi.


«Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň bazaryna nebit önümlerini iberip biljek döwletleriň arasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny görýäris. Häzirki wagtda bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär» diýip, Almasad Satkalyýew belledi.


Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistanda ýylyna 10 million tonnadan gowrak nebit öndürilýär. Bu görkezijini 2030-njy ýyla çenli üç esse artdyrmak meýilleşdirilýär.