Turkmenportal logo
04.10.23
2356223562
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň hünärmenleri orta basyşly täze gaz geçirijisini gurýarlar
«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň hünärmenleri orta basyşly täze gaz geçirijisini gurýarlar

«Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron neşiriniň ýazmagyna görä, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň dolandyryş merkezinden Ý.Durdyýew adyndaky geňeşligiň adybir obasyna çenli orta basyşly täze gaz geçirijisi gurulýar. Gurluşyk işleri «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň ýöriteleşdirilen bölüminiň topary tarapyndan amala aşyrylýar.


Täze gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy bäş kilometrden gowrak bolup, häzirki wagta çenli diametri 114 mm bolan turbalar iki kilometr üç ýüz elli metre çenli goýuldy. Ýerli ilaty ekologiýa taýdan arassa tebigy ýangyç bilen üznüksiz üpjün edip bilýän gaz turbalarynyň galan böleginde kebşirleýiş we izolýasiýa işleri alnyp barylýar.


Gurluşyk wagtynda daşky gurşawy goramak, howpsuz işlemegi we aragatnaşygyň aňsatlygyny üpjün edýän howpsuzlyk zolagyna aýratyn üns berilýär. Işler uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy üçin kadalara we talaplara laýyklykda alnyp barylýar diýip, çeşme habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Naýyp-Derýalyk gaz turbageçirijisinde hem degişli işler alnyp barylýar.