«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Kiberhowpsuzlyk merkezi» unitar edarasynyň arasynda kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamada taraplar aşakdaky ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek isleýändiklerini mälim etdiler:
- kiberhowpsuzlyk ulgamynda maglumat we tejribe alyşmak;
- kiberhowpsuzlyk pudagynda bilelikdäki gözlegleri we işleri geçirmek;
- kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenleri taýýarlamak;
- kiber howplara garşy göreşde hyzmatdaşlyk.
Özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky kiberhowpsuzlyk babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdir. Bu resminama, iki ýurduň maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň we infrastrukturasynyň howpsuzlygyny berkitmäge kömek eder.
Ozal «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatyna gatnaşýandygy barada habar berdipdik. Oňa türkmen wekiliýeti bilen bir hatarda dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri gatnaşýarlar.
Saparyň çäklerinde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Sanly tehnologiýalar ministri Ş.Şermatowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.