Geçen hepde Astrahan oblastynyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşdy. Söhbetdeşlik wagtynda taraplar birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Astrahanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Hususan-da, duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesine üns çekildi.
Hususan-da, ilçi Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda Astrahan sebitiniň wajyp ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Şunda «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösüşine aýratyn orun degişlidir diýip, çeşme belleýär.
Şeýle hem Iwan Wolynkin astrahanly hem-de türkmenistanly hyzmatdaşlaryň arasynda dürli ugurlarda giňişleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy.