Turkmenportal logo
02.10.23
2206322063
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Makron: Fransuz-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn ösüşi bizi guwandyrýar
Makron: Fransuz-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn ösüşi bizi guwandyrýar

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurduň Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygy mynasybetli hat ýollady.


Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar berşi ýaly, gutlag hatynda, hususan-da, şeýle ýazylýar:


– Hormatly jenap Prezident,


Türkmenistanyň milli baýramy – Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.


Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş häsiýeti meni guwandyrýar, munuň özi biziň syýasy dialogymyzyň işjeňleşdirilmegi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly geljegi bilen şertlendirilendir.


Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pariže bolan saparynyň jemlerine laýyklykda biz ykdysady, ekologiýa, oba hojalygy, energetika, ylym we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça işlerimizi dowam etmelidiris. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde täze taslamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynanýaryn.