BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurduň Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygy mynasybetli hat ýollady.
Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar berşi ýaly, gutlag hatynda, hususan-da, şeýle ýazylýar:
– Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Häzirki dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan wehimleri bizden raýdaşlyga, özara hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýan bilelikdäki tagallalary talap edýär.
Ýagty gelejek parahatçylygyň, adamlaryň hukuklarynyň, ýaşaýan mekanyna garamazdan ähli adamlar üçin abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň goldanylmagy hem-de her bir ýurduň öz milli çäklerinden çykmagy esasynda gazanylyp bilner.
Birleşen Milletler Guramasy Siziň ýurduňyz üçin şu şatlykly günde Türkmenistanyň ähli halkynyň begenjini paýlaşýar hem-de adamlar üçin hem, dünýä üçin hem has gowy, sagdyn we howpsuz geljegi üpjün etmek ugrunda bilelikdäki işimizi dowam etdirjekdigimize umyt edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.