Turkmenportal logo
01.10.23
3037730377
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly boksçy Nurmuhammedow Aziýa oýunlarynyň ýarym finalyna çykdy
Türkmenistanly boksçy Nurmuhammedow Aziýa oýunlarynyň ýarym finalyna çykdy

Türkmenistanly boksçy Baýramdurdy Nurmuhammedow Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda ýarym finala çykmagy başardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.


71 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän türkmen türgeni çärýek finalda Mongoliýaly Tuguldur Býambatsogty tehniki nokaut arkaly ýeňlişe sezewar etdi.


Şeýlelikde, Baýramdurdy Nurmuhammedow özi üçin iň azyndan ýaryşyň bürünç medalyny kepillendirdi.