Soňky habarlar

Arhiw

«Ezber» HK Türkmenistanyň dürli pudaklary üçin himiki önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

13:2101.10.2023
0
35576

Häzirki wagtda üstünlikli ösýän «Ezber» kompaniýasy 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň kärhanalaryny dünýäniň dürli künjeklerinde öndürilen ýokary hilli himiki önümler bilen üpjün edip gelýär.

Hyzmatdaşlarynyň bir bölegi bolmaga yzygiderli ymtylyp, olara himiýa pudagynda distribýutorlyk hyzmatlaryny, mümkinçilikleri we çözgütleri ýetirmek bilen, «Ezber» kompaniýasy nebit-gaz, suw arassalaýyş, gurluşyk we beýleki ugurlar ýaly dürli pudaklara himiki önümleri paýlamak hyzmatlary bilen meşgullanýar.

Surat: mavink.com

Himiki önümleriň assortimentine şular girýär:

- guýulary burawlamak üçin himiki maddalar;

- guýularyň stimulýasiýasynyň himiki maddalary;

- nebiti gaýtadan işlemek üçin himiki maddalar;

- guýulary sementlemek üçin funksional goşundylar;

- nebitgaz pudagynda suwy arassalamak üçin goşundylar;

- suwy arassalamak üçin himiki maddalar;

- suwy arassalamak we distillirlemek üçin goşundylar;

- beton we asfalt öndürmek üçin goşundylar;

- gurluşyk himiýasy;

- adaty himiki maddalar we ş.m.

Şeýle-de, kompaniýa lomaý we bölek söwda bilen hem meşgullanýar we bu günki günde kaustik sodany hem müşderilere hödürleýär.

«Ezber» hususy kärhanasynyň wekilleri bilen (+993 12) 46 89 07 telefon belgisi ýa-da ezber@pchpt.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşmak bolýar. Ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 124-nji jaý, Işewürlik merkeziniň binasy, 3-nji gat, 102-nji otag.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň