Şu gün Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Maslahatyň dowamynda deputatlar «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Kanunyň taslamasynda «Arkadag» medalynyň Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýandygy, onuň durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi görkezildi.