Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň orta mekdep okuwçylary 2024-2025-nji okuw ýyly üçin «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilerler

14:1030.09.2023
0
47225

Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2023-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we ABŞ-nyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän «FLEX» maksatnamasy dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. «FLEX» maksatnamasyna 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçy gatnaşdy we olaryň alty sanysy Türkmenistanyň raýatydyr.

Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, «FLEX» maksatnamasy aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli okuwçylar üçin açykdyr:

  • 2006-njy ýylyň mart aýynyň 15-den 2008-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. (11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler).
  • Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;
  • iňlis dilini gowy bilýän;
  • ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýän;
  • Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda, ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosuratyny alyp gelmeli.

Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaga rugsat edilýär.

«FLEX» maksatnamasy barada jikme-jik maglumatlar ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda elýeterlidir.

Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:

Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;

E.mail: flex.tm@americancouncils.org.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň