Turkmenportal logo
30.09.23
2817928179
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli konkur ýaryşlaryny gurady
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli konkur ýaryşlaryny gurady

Astana şäherindäki «Argymak» atçylyk we dynç alyş toplumynda Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan konkur boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy tarapyndan habar berildi.


29-njy sentýabrda bolan bäsleşige Gazagystan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Astana akimatyň wekilleri, tanymal gazak türgenleri we atçylyk sporty bilen meşgullanýanlar gatnaşdy.


Bu ýerde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejebow çykyş edip, ýurtda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler barada belläp geçdi.


Bäsleşiklerde ahalteke atlary we onuň çapyksuwarlary ýokary netijeleri görkezdiler.


Bäsleşigiň netijelerine görä ýeňijiler medallar, Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.