Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owgan puly dünýäde iň durnukly pullaryň biri boldy

11:2530.09.2023
0
33448

Soňky döwürde Owganystanyň milli puly görnetin kuwwatlandy we dünýäde iň durnukly pullaryň biri boldy diýip, «Bloomberg» neşiriniň seljerijileri belleýärler. Neşiriň maglumatyna görä, soňky üç aýda owgani (owgan puly) 9 göterim, ýylyň başyndan bäri bolsa 14 göterim kuwwatlandy. Bu owgan puluna kolumbiýa pesosyndan we şri-lanka rupiýasyndan soňra dünýäniň iň durnukly pullarynyň ilkinji 3-lügine girmäge mümkinçilik berdi,

Milli puluň berkemeginiň esasy sebäpleri hökmünde bilermenler berk pul gözegçiligini hem-de nagt we beýleki görnüşdäki pul serişdeleriniň geçirimleriniň artmagyny görkezýärler. Galyberse-de, haýyr-sahawat kömeginiň işjeňleşmegi hem-de Aziýa ýurtlary bilen söwdanyň artmagy ýagdaýa oňyn täsir edýär.

Emma seljermeler owgan pulunyň berkemeginiň berk pul çäklendirmeleri we ýurtda umumy ykdysady, sosial we syýasy durnuksyzlyk sebäpli, wagtlaýyn häsiýetlidigini belleýärler. Owganystanyň hökümeti ABŞ-nyň dollaryny we pakistan rupiýasyny bank hasaplaşyklarynda ulanmaga gadaganlyk girizdi, şeýle-de amerikan puluny ýurtdan daşyna çykarmaga çäklendirmeleri berkitdi. Mundan daşgary ýurtda maliýe onlaýn-söwdalaşyklary gadagan edilip, düzgüni bozanlara türme tussaglygy bellendi.

Netijede, owgan milli pulunyň hasaba alnan kuwwatlanmasyna maliýe ulgamyny durnuklylaşdyrmak hem-de ykdysasy bazany berkitmek üçin ýurtda kabul edilen çäreler toplumy sebäp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň