Meksikada aýy maşgala meýlisine gelip, stoluň üstünde näme bar bolsa, iýdi, waka ýurduň gündogaryndaky kiçeňräk şäherleriň seýilgähinde bolup geçdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Aýy gelende, ejesi ogly bilen stoluň başynda garbanyp otyrdylar, ýyrtyjy olara üns hem bermän, tabaklardaky naharlary lak-luk atmaga başlady. Ejesi oglunyň gorkmazlygy üçin gözlerini eli bilen ýapdy. Garnyny doýransoň, aýy eneli-ogly ysgaşdyrdy-da, stoldan böküp düşüp, tokaýa tarap ýelk ýasady diýlip, habarda gürrüň berilýär.

