Turkmenportal logo
29.09.23
3215832158
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň wise-kanslerini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň wise-kanslerini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, iş saparynyň çäklerinde, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, Germaniýanyň wise-kansleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň möhüm hem-de wekilçilikli duşuşygyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we öz ýurdunyň Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.


Öz nobatynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Berline iş saparynyň çäklerinde bu duşuşygy geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň diýen ýaly, durmuş we beýleki ulgamlaryň ýolbaşçylarynyň girendigini aýtdy. Şeýle-de Türkmen-german işewürler maslahatynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşylandygy bellenildi.


Döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy german kärdeşleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirdi.


Duşuşykda energetika möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Germaniýanyň wise-kansleri ulag ulgamyny möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlediler.


Duşuşygyň barşynda maliýe-bank we maýa goýum pudaklary, kommunikasiýalar ulgamy, oba we suw hojalygy, sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ekologiýa pikir alyşmalaryň aýratyn meseleleriniň biri boldy.


Duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň wise-kansleri Robert Habegi ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýakyn wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň orunbasary, ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça federal ministri Robert Habek çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.