Turkmenportal logo
29.09.23
4165341653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanda ýurduň milli baýdagyny üýtgetmegi teklip etdiler
Gyrgyzystanda ýurduň milli baýdagyny üýtgetmegi teklip etdiler

Gyrgyzystanyň hökümeti Respublikanyň baýdagynyň şekilini üýtgetmek mümkinçiligi barada meselä seretmegi meýilleşdirýär, şeýle başlangyç bilen ýurduň Parlamentiniň mejlisinde deputat Ulan Primow çykyş etdi diýip, TASS habar berýär.


Deputat milli baýdakda Gün şöhlelerini göni şekillendirmegi teklip edýär. Primowyň teklibini Parlamentiň başlygy Nurlanbek Şakiýew hem goldady.


Häzirki wagtda bu teklibi ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçiligiň garamagyna hödürlemek boýunça Gyrgyzystanyň Ýokary Geňeşiniň diwanynda degişli kanun taslamasy taýýarlanýar.


Gyrgyztanyň milli baýdagy göniburçly gyzyl reňkde bolup, onuň merkezinde sary reňkde ak öýüň tüýnügi şekillendirilip, ondan dürli tarapa Gün şöhleleri ýaýraýar.