Turkmenportal logo
29.09.23
2346023460
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
P.Lazowik: «Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine halkyň nähili agzybirdigini we jebisdigini görkezdi»
P.Lazowik: «Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligine halkyň nähili agzybirdigini we jebisdigini görkezdi»

Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistana gelen «Belarus 24» halkara teleýaýlymynyň baş direktory Pawel Lazowik özünde galan täsirleri gürrüň berdi diýip, «Golos SNG» elektron neşiri habar berdi.


Bellenilişi ýaly, belarus žurnalisti Türkmenistana ilkinji gezek geldi. Ol ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýörişe gatnaşdy we onuň möçberine, taýýarlygyň hiline we çärä gatnaşanlaryň sanyna haýran galandygyny mälim etdi.


«Meýdançada men türkmen halkynyň nä derejede agzybir hem-de jebisdigini gördüm, bu bolsa olaryň üstünlikli geljeginiň açarydyr» diýip, Pawel Lazowik nygtady.


Belarusyň milli telewideniýesiniň wekili däp-dessurlary goramagyň we özygtyýarly Türkmenistanyň gazananlaryny dünýä görkezmegiň möhümdigini aýtdy.


«Ýurduň öz baş baýramyny nähili giňden belleýändigine özüm şaýat boldum we şu esasda türkmen halkyna we ýurduň ýolbaşçylaryna oňyn, ägirt uly maksatlary we üstünlikleri arzuw edýärin» diýip, myhman sözüniň üstüni ýetirdi.