Turkmenportal logo
29.09.23
2403224032
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Minnihanow: Türkmenistanda «Aurus» awtoulaglaryna uly isleg bidlirilýär
Minnihanow: Türkmenistanda «Aurus» awtoulaglaryna uly isleg bidlirilýär

Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow «Aurus» awtoulaglarynyň Türkmenistanda peýda bolmagy mümkin diýip hasaplaýar. Bu barada TASS habar berýär.


«Awtoulag kompaniýalarymyz tarapyndan öndürilýän önümlere Türkmenistanda hem uly isleg birldirýärler. Bärde Aurusyň we beýleki görnüşleriň hem hödürlenmegi mümkin» diýip, çeşme R.Minnihanowyň sözlerini getirýär.


Ozal R.Minnihanowyň iş sapary bilen Türkmenistana gelendigini habar beripdik. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.