Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky «Giovane Gentile» dükanynda italýan brendiniň harytlarynyň giň assortimenti hödürlenýär

10:2829.09.2023
0
25256

«Giovane Gentile» dükany italýan brendiniň erkek egin-eşikleri, aýakgaplar, jorap önümleri we aksessuarlary ýaly giň assortimentini müşderilere ýetirýär.

Ýokary hilli önümleri hödürleýän «Giovane Gentile» brendi 1984-nji esaslandyryldy we bu dünýä belli haryt nyşany bilen öndürilýän önümleriň önümçilik kärhanasy Türkiýede ýerleşýär.

«Giovane Gentile» brendiniň egin-eşikleri moda döwrebap garaýşy we stilli geýimlere duýgusy bolan işewür hem-de işjeň erkek kişiler üçin niýetlenendir. Olar üçin resmi iş stiline kybap gelýän kostýumlar, ajaýyp žaketler, bleýzerler, nusgawy köýnekler we beýleki şkaf aksessuarlary, ajaýyp smart-casual stilindäki jinsler, jalbarlar we penjekler, şeýle hem sport-casual — sport we gündelik geýimleriň simbiozy bolan stilde oňaýly hem köpugurly geýimler işlenip taýýarlanyldy. Islendik ýagdaý üçin geýim saýlamakda bolsa dükanyň bu ugurdan tejribeli maslahatçysy ýardam eder.

Brendiň ähli egin-eşikleri geýilende ölçegi babatda örän laýyk gelmek bilen, biçüwi taýdan hem birkemsiz tapawutlanýar. Hut şu maksatlar üçinem brendiň kärhanasynda «Vitale Barberis Canonico», «The Marzotto Group», «Cerruti» we «Ermenegildo Zegna» ýaly kompaniýalar tarapyndan üpjün edilýän ýokary hilli matalar we furnituralar ulanylýar.

Her täze möwsümde haryt nyşanynyň dizaýnerleri ofisde geçiriljek resmi ýygnak ýa-da baýramçylyk, syýahatçylyk, ýa bolmasa-da dostlaryň bilen wagt geçirmek ýaly dürli hili durmuş ýagdaýlaryny nazarda tutup, islendik pursatda şekil döredip boljak toplumlary hödürleýärler.

«Giovane Gentile» haryt nyşany ähli yklymlarda erkekler tarapyndan giňden tanalýar, onuň muşdaklary önümleriň ýokary hiline, şeýle hem dükanlar torunyň ähli dükanlarynda ýetirilýän hyzmatyň derejesine ýokary baha berýärler.

Aşgabatda «Giovane Gentile» brendiniň egin-eşiklerini şu salgydan satyn alyp bilersiňiz: B.Annanow köçesi (ozalky Kotowskiý), 219-njy jaý.

Telefon belgisi: (+993 65) 72 11 21.

Elektron poçta salgysy: giovanegentiletm@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň