Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabry günlerinde Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak sapary bilen bagly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de ýurduň telekeçilik ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, iş maslahatyna gatnaşyjylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň giňden bellenilýän 32 ýyllygy bilen gutlap, hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Maslahatda, Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyryljak iş sapary bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabaty diňlenildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasynda «Merkezi Aziýa ýurtlary — Germaniýa Federatiw Respublikasy» görnüşinde duşuşygyň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi esasynda dürli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda täze gözýetimleri açýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
— Türkmenistan geçen ýyllaryň dowamynda Germaniýa bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berýär we bu gatnaşyklary ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, telekeçilik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürmek hem-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we türkmen-german hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilip, onuň iki halkyň bähbidine täze sepgitleri eýelejekdigine ynam bildirdi.
Iş maslahatynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
