Turkmenportal logo
28.09.23
2445924459
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwa bu ýyl geçen ýyldakydan alty esse köp hytaýly jahankeşde bardy
Moskwa bu ýyl geçen ýyldakydan alty esse köp hytaýly jahankeşde bardy

Moskwa hytaýly jahankeşdeler köp barýar, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, olaryň sany alty esse artdy diýip, Russiýanyň paýtagtynyň Jahankeşdelik boýunça geňeşiniň başlygy Ýewgeniý Kozlowyň sözlerine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.


Onuň sözlerine görä, Moskwa HHR-dan her hepdede 50 awiagatnaw hereket edýär. Moskwa şeýle hem Ýakyn Gündogardan, esasan hem, Müsürden barýanlaryň sany artýar.


Şäheriň häkimiýetleri Latyn Amerikasy ýurtlaryndan jahankeşdeligi artdyrmagy maksat edinýärler.