Turkmenportal logo
27.09.23
2676726767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Astana uniwersitetiniň ylmy kitaphanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi
Astana uniwersitetiniň ylmy kitaphanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi

26-27-nji sentýabrda L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň ylmy kitaphanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanyp kitaplaryňdyr bezeg we sungat eserleriniň sergisi guraldy.


Çäräni Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy gurady.



Ilçihananyň sosial ulgamlarynda berýän habaryna görä, sergä mugallymlar we kitaphananyň işgärleri, şeýle hem uniwersitetde okaýan türkmen talyplary baryp gördüler.