Top.Mail.Ru

Arhiw

Aşgabatda dabaraly baýramçylyk ýörişi badalga aldy

10:2327.09.2023
0
41229

Şu gün sentýabrda Aşgabadyň günortasynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda bina edilen Döwlet münberinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, ýurduň ýolbaşçy düzüminiň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda dabaraly çärelere badalga berildi.

Türkmenistanyň milli teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezilýän dabaraly baýramçylyk ýörişine Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we beýleki harby hem hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri gatnaşdylar. Dabaraly ýörişiň dowamynda harby tehnikalar bilen bir hatarda harby uçarlaryň we dikuçarlaryň ýörişi geçirildi.

Ýörişiň jemleýji böleginde merkezi münberiň öňünden Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn Hormat garawuly batalýony we ýurduň Ýaragly Güýçleriniň orkestri geçdi. Esgerler ýarag bilen hatar emelleriniň ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler.

Harby ýörişden soň Türkmenistanyň sebitleriniň we halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň baýramçylyk ýörişi başlandy. geçirildi.

Baýramçylyk ýörişi dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň