Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. HHM-niň berýän habaryna görä, konserte ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýurduň medeniýetdir sungat işgärleri gatnaşdy.
Tomaşaçylar medeniýet we sungat ussatlarynyň Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, konsertiň maksatnamasy häzirki zaman türkmen sungatynyň güýjüni, onuň görnüşiniň köpdürlüligini görkezdi. Ýerine ýetirilen aýdymlarda Garaşsyz Türkmenistanyň 32 ýyllygynyň dowamynda ýeten belent sepgitleri, milli sungatyň iň oňat däpleriniň dowamat-dowamlylygy görkezildi.
