Turkmenportal logo
26.09.23
2595025950
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Minsk deri önümçilik birleşigi türkmen bazary bilen gyzyklanýar
Minsk deri önümçilik birleşigi türkmen bazary bilen gyzyklanýarSurat: orient.tm

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Minsk deri önümçilik birleşiginiň baş direktory Olga Politiko bilen duşuşdy. Duşuşykda kärhananyň türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi.



Belarus tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen duşuşykda türkmen ilçisi deri birleşiginiň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga we işewür gatnaşyklar gurmak hem-de türkmen bazaryna girmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyryldy diýip, diplomatik wekilhana habar berýär.


25-nji sentýabrda amala aşyrylan saparyň dowamynda baş direktor kärhananyň çig maly gaýtadan işlemekden başlap, ahyrky önümi öndürýänçä doly aýlawyny görkezip, türkmen diplomatik wekilhanasyndan gelen myhmanlary önümçilik ussahanalaryna aýlady.



O.Politiko häzirki wagtda kompaniýanyň dürli reňkdäki köp dürli tebigy deri önümlerini we ýurduň içinde hem-de daşynda satylýan aýakgap, mebel, galantereýa işlerini, aksessuarlar we ş.m. önümlerini öndürýändigini aýtdy.


Kärhananyň baş direktory deri we deri önümlerini öndürýän türkmen telekeçileri bilen özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin işewür toparlary kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.