Samara sebitiniň «Eksport edijiler kluby» sebitiň Ykdysady ösüş we maýa goýum ministrliginiň we Eksporta goldaw bermek merkeziniň tabşyrygy esasynda 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde işewürlik forumyny guraýar. Şunuň bilen baglylykda, Samara sebitiniň önüm öndürijileri we telekçileri bu işewürlik forumyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Işewürlik forumynyň çäklerinde türkmen telekçileriniň Samara sebitindäki kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak, Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen gepleşikleri geçirmek, eksport maksatly şertnamalara we ylalaşyklara gol çekişmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, forum medeni maksatnamany hem öz içine alar.
Forumyň dowamynda Samara sebitiniň önüm öndürijileri özleriniň azyk önümleri we oba hojalyk tehnikalary, himiýa senagatynyň önümleri, gurluşyk harytlary hem-de maglumat tehnologiýalary bilen türkmenistanly işewürleri tanyşdyrarlar.
Häzirki wagtda foruma gatnaşmaga isleg bildirýän Samara sebitiniň telekeçilerini hasaba almaklyk dowam edýär. Forumyň gatnaşyjylaryny hasaba almak işi 10-njy oktýabra çenli dowam eder.

