Turkmenportal logo
26.09.23
2924629246
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýunlarynyň geçiriljek senesi belli boldy
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýunlarynyň geçiriljek senesi belli boldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýunlarynyň geçiriljek senesi belli boldy.


Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň habar bermegine görä, tapgyryň ilkinji oýny 27-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde «Altyn asyr» we «Arkadag» toparlarynyň arasynda bolup geçer. Şol gün ikinji ýarym final jübütinde «Merw» öz öýünde «Ahal» bilen güýç synanyşar.


Jogap oýunlarynyň geçiriljek senesi we başlanjak wagty goşmaça habar berler.


Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Ahal» topary hasaplanýar.


Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy — 2023-iň senenamasy


27-nji sentýabr. 1/2 final, deslapky oýun


  • 16:00 / «Merw» – «Ahal»
  • Geçiriljek ýeri: Mary, «Sport toplumy» stadiony

27-nji sentýabr. 1/2 final, deslapky oýun


  • 16:30 / «Altyn asyr» – «Arkadag»
  • Geçiriljek ýeri: Aşgabat, «Sport toplumy» stadiony