Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan Türkmenistan bilen serhetde täze serhet geçelgesini gurmagy meýilleşdirýär

17:1425.09.2023
0
48106

Owgan hökümeti Türkmenistan bilen serhetde täze serhet geçelgesini gurmagy meýilleşdirýär. Täze serhet geçelgesi (barlag-goýberiş nokady) demirgazyk-günbatar Badgis welaýatynyň Bala-Murgab sebitinde ýerleşer. Bu barada TOLOnews habar berýär.

Owgan hökümetiniň metbugat kätibi Zabihulla Mujahidiň aýtmagyna görä, täze serhet geçelgesini gurmakdan maksat iki ýurduň arasynda harytlaryň eksportyny we importyny ýeňilleşdirmek bolup durýar.

Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň başlygy Muhammet Yusuf Momand täze serhet geçelgesiniň nebit we un önümlerini daşamak üçin iň oňat serhet geçelgesi boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, owgan hökümetiniň täze serhet geçelgesiniň gurluşygy bilen bagly işleri çaltlaşdyrýandygyny bellenildi.

Häzirki wagtda owgan hökümeti täze serhet geçelgesiniň gurluşygyny alyp barmaga isleg bildiren kompaniýalar bilen degişli şertnama gol çekmek üçin gepleşikleri geçirýär.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda iki sany serhet geçelgesi bar. Olaryň biri Owganystanyň Farýab welaýatynyň Akina obasynda, beýlekisi bolsa Hyrat welaýatynyň Turgundi şäherinde ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň