Türkmenistan we Eýran 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, pandemiýadan öň hereket eden üstaşyr gatnaw ulgamyny gaýtadan ýola goýar. Bu barada IRNA habarlar gullugy Eýranyň Horasan welaýatynyň Awtoulag ýollary we awtoulag gatnawy müdirliginiň üstaşyr we halkara gatnaw bölüminiň başlygy Razawi Nasir Baradaranyň sözlerine salgylanyp habar berdi.
Bellenilişi ýaly, pandemiýa döwründe serhetdäki ýükler Türkmenistanyň çäginden Eýrana ýetirilmegi üçin türkmen ulaglaryna ýüklendi. Indi ýakyn günlerde Eýranyň üstaşyr kompaniýalary bilelikdäki serhetde öz ulaglary arkaly Türkmenistana ýük iberip bilerler.