Turkmenportal logo
25.09.23
2140221402
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny geljekde has giňelder
Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny geljekde has giňelder

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.


— Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlykda alyp barýan işlerini geljekde has-da giňelder. Şoňa görä-de:


  • Türkmenistanyň 2023 — 2026-njy ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy;
  • ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasyny döretmek;
  • ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ýanynda bu guramanyň klublarynyň milli federasiýasyny döretmek;
  • Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen bagly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini, şeýle hem Hazar deňziniň günorta kenaryndaky Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny tebigy geologik ýadygärlikler hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna;
  • Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak;
  • türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna;
  • Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmaly — diýip, döwlet Baştutany aýtdy.