2023-nji ýylyň ýanwar—awgust aýlarynda 183 ýurtdan 1,343,7 müň daşary ýurtly we raýatlygy bolmadyk adamlar Azerbaýjana geldi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,8 göterim köpdür diýip, «Report.az» Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, myhmanlaryň 1,2 göterimi Türkmenistandan, 31,7 göterimi Russiýa Federasiýasyndan, 17,7 göterimi Türkiýeden, 7,5 göterimi Eýrandan, 4,9 göterimi Hindistandan, 4,7 göterimi Gruziýadan, 4,4 göterimi Saud Arabystanyndan, 2,6 göterimi Gazagystandan, 2,4 göterimi Pakistandan, 2,1 göterimi BAE-den, 1,8 göterimi Özbegistandan, 1,6 göterimi Ysraýyldan, 1,5 göterimi Kuweýtden we şonçaragy Ukrainadan, 1,4 göterimi Belarusdan, 1,1 göterimi Beýik Britaniýadan, 11,9 göterimi bolsa beýleki ýurtlardan.
2022-nji ýylyň ýanwar—awgust aýlary bilen deňeşdirilende, GDA ýurtlaryndan gelenleriň sany 1,6 esse artyp, 549,4 müň adama ýetdi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan gelýänler 37,8 göterim köpelip, 67,6 müň adama ýetdi. Pars aýlagy ýurtlaryndan gelýänler bolsa 10,2 göterim azalyp, 228,4 müň adam boldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Azerbaýjana barýan türkmen syýahatçylarynyň sany 3,8 esse artdy.

