Turkmenportal logo
24.09.23
3768437684
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prezident: Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýar
Prezident: Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýarSurat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýandygy belledi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany:


— Durnukly ykdysady ösüş biziň uzakmöhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys – diýip belledi.


Bellenilişi ýaly, döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barylýar şeýle hem gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrylýar.


— Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 % möçberde durnukly saklanýar. Bu bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär – diýip, döwlet Baştutany belledi.