Turkmenportal logo
24.09.23
2404124041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýdan 50 sany kuwwatly ýük göteriji tehnika gelip gowuşdy
Hytaýdan 50 sany kuwwatly ýük göteriji tehnika gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda, Hytaý Halk Respublikasyndan täze ýük göteriji kuwwatly tehnikalaryň 50-si Lebap welaýatyna gelip gowuşdy.


Bellenilişi ýaly, senagat kärhanalarynda we gurluşyk meýdançalarynda peýdalanylmaga niýetlenen bu kuwwatly tehnikalar ýakyn günlerde ýurduň paýtagty Aşgabat şäherine, ähli welaýatlara ugradylyp, ol ýerlerdäki senagat kärhanalarynda, gurluşyk meýdançalarynda bökdençsiz işlediler.


Ýük göterijiligi 5 tonna barabar bolan bu kuwwatly tehnikalar ýylyň ähli paslynda we islendik howa şertlerinde işlemäge ukyplydyr. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu tehnikalary dolandyryjylar üçin ähli amatly şertleriň bolmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.