Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda nobatçylyk guramagy tabşyrdy

13:1623.09.2023
0
52721

Ozal habar berşimiz ýaly, 22-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisde döwlet Baştutany:

Berkarar döwletimizde raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler alnyp barylýar. Ine, şu günlerem, uly baýramymyzyň öň ýanynda şähergurluşyk maksatnamamyz bilen bagly birnäçe çäreleri geçirýäris. Bagtyýar raýatlarymyz üçin täze ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga berýäris, täze binalaryň düýbüni tutýarys. Munuň özi Garaşsyz döwletimiziň adam hakynda edýän hakyky aladasynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr - diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, baýramçylyk günlerinde örän köp çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bilen baglylykda, döwlet serhedinden başlap, ýurduň içinde tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle-de Hökümet agzalaryna we ähli edara-kärhanalaryň, häkimlikleriň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde gije-gündiziň dowamynda nobatçylygy guramagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň