Turkmenportal logo
23.09.23
3068330683
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ilçisi Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmen ilçisi Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Surat: mfa.uz

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Bobur Usmanow bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.


22-nji sentýabrda geçirilen duşuşykda taraplar döwletara gatnaşyklaryň alnyp barlyşy we türkmen-özbek strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda ýokary derejedäki saparlaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine üns berildi.


Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we sebitara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär.


Duşuşygyň dowamynda taraplar meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň tertibini we olaryň guramaçylyk ýagdaýyny ara alnyp maslahatlaşdylar.